Türkmenbaşy şäherçesinde 37 sany täze ýaşaýyş jaýy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy şäherçesinde 37 sany täze ýaşaýyş jaýy gurlar
Türkmenbaşy etrap häkimligi Türkmenbaşy şäherçesiniň çäginde 37 sany bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak we gurmak boýunça potratçylary seçip-saýlap almak üçin bäsleşik yglan etdi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň çäginde 37 sany bir gatly ýaşaýyş jaýlary gurular.

Bu maksat bilen Türkmenbaşy etrap häkimligi Türkmenbaşy şäherçesiniň çäginde 37 sany bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak we gurmak boýunça potratçylary seçip-saýlap almak üçin bäsleşik yglan etdi.  Bu bäsleşik “Balkan” gazetinde penşenbe güni çap edildi.

Bäslşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänler degişli resminamalary Türkmenbaşy etrap häkimliginiň senagat, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk we jemagat hojalyk işlerini utgaşdyryjy bölüminden alyp bilerler.

Şeýle hem “Balkan” gazetinde penşenbe güni çap edilen bildirişe görä, Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň Demirgazyk-günbatar kiçi etrapçasynyň 18-nji ýaşaýyş jaý toplumynda köpýyllyk bank karzlarynyň hasabyna 32 sany iki gatly, 1 öýli, 5 otagly ýaşaýyş jaýlaryny gurdurmaga isleg bildirýän raýatlar Gyzylarbat etrap häkimligine çagyrylýar.

2022