Arkadag şäherindäki gulluk maksatly ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrylyp bilner

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäherindäki gulluk maksatly ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrylyp bilner
Iş saparynyň dowamynda ilki töleg geçirip, ýaşaýyş jaýlaryna gelen raýatlaryň hereket edýän kada esasynda jaý eýeleri bolýandyklary bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Arkadag şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň gulluk maksatly berlip, olarda 10 ýylyň dowamynda birkemsiz ýaşap, zähmet çeken maşgalalaryň jaýlary öz atlaryna geçirip bilýändiklerini aýtdy.

Şeýle hem iş saparynyň dowamynda ilki töleg geçirip, ýaşaýyş jaýlaryna gelen raýatlaryň hereket edýän kada esasynda jaý eýeleri bolýandyklary bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bar bolan meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramaçylyk meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni “Arkadag” gazetiniň redaksiýasyny ýuridik şahs hökmünde döretmek hem-de gazetiň redaksiýasynyň Tertipnamasy tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

2022