“Orazly ýalkym” margarin we spred ýaglaryny öndürip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Orazly ýalkym” margarin we spred ýaglaryny öndürip başlady
“Orazly ýalkym” hususy kärhanasynda häzirki wagtda 200-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

“Orazly ýalkym” hususy kärhanasy ýakynda täze önüm bolan “Sado” haryt nyşanly margarin we spred ýaglaryny öndürüp başlady. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Bu kärhana 2018-nji ýylda döredilip, ol Mary şäherinde ýerleşýär. “Orazly ýalkym” hususy kärhanasynda häzirki wagtda 200-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

Habarda bellenilişi ýaly, “Orazly ýalkym” kärhanasynyň täze önümçiliginde her günde 36 tonna önüm öndürmäge mümkinçilik bar. Bu kärhanada margarin we spred ýaglarynyň 5-den gowrak görnüşi öndürilýär.

Kärhananyň hünärmenleriň aýtmagyna görä, dürli ölçegdäki gaplara gaplanylýan margarindir spred ýaglary, esasan, konditer önümçiliginde giňden ulanylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Orazly ýalkym” hususy kärhanasy geljekde margarin we spred ýaglarynyň görnüşlerini artdyrmagy maksat edinýär.

2022