Owganystan TOPH taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystan TOPH taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady
1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň tehniki barlaglary tamamlandy we bu taslamanyň durmuşa geçirmek üçin hiç hili päsgelçilik ýok diýip, Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň orunbasary Zia Rahman Aryoubi aýtdy. Bu barada “TOLOnews” owgan teleýaýlymy ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýer serişdelerini saýlap almak boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezowyň we “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanowyň şu ýylyň 17-nji ýanwarynda Kabulda Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň, Milli goranmak ministrliginiň we Baş aňtaw müdirliginiň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň birinji tapgyrynyň howpsuzlyk konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022