“Nurly energiýa çeşmesi” suwuklandyrylan himiki serişdeleri öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Nurly energiýa çeşmesi” suwuklandyrylan himiki serişdeleri öndürýär
Suwuklandyrylan himiki serişdeler ýüplükden mata dokalyp çykarylandan soň, matany boýamakda, ýüzüne gül, şekil basmakda ulanylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Nurly energiýa çeşmesi” hojalyk jemgyýeti “NEÇ” haryt nyşany bilen dokma önümçiliginde ulanylýan suwuklandyrylan himiki serişdeleri öndürýär. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu önüm ýüplükden mata dokalyp çykarylandan soň, matany boýamakda, ýüzüne gül, şekil basmakda ulanylýar. Suwuklandyrylan himiki serişdeler bilen boýalan matalar reňkleriniň solmaýanlygy bilen aýratyn tapawutlanýar.

Kärhananyň “NEÇ” haryt nyşanly önümlerine diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarda uly isleg bildirilýär. Häzirki wagtda bu kärhana önümlerini Özbegistana we Gazagystana eksport etmek boýunça işewürlik gepleşiklerini geçirýär.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen kärhananyň kuwwaty ýylda 6 müň tonna önüm öndürmäge barabardyr.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän “Nurly energiýa çeşmesi” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň başynda önümçiligini ýola goýdy we bu ýerde ýigrimä golaý işçi-hünärmen zähmet çekýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022