Türkmenistan Hytaýdan täze göçme buraw enjamlaryny satyn aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Hytaýdan täze göçme buraw enjamlaryny satyn aldy
Täze satyn alnan göçme buraw enjamlary Balkan welaýatynyň çägindäki Barsagelmez we Goturdepe nebit ýataklarynda oturdyldy.

Türkmenistan Hytaýdan XJ 450 we XJ 650 görnüşli täze göçme buraw enjamlaryny satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Täze satyn alnan göçme buraw enjamlary Balkan welaýatynyň çägindäki Barsagelmez we Goturdepe nebit ýataklarynda oturdyldy. Bu enjamlar Türkmenistanyň nebitgaz känlerini işläp taýýarlamak boýunça işleriň depginini tizleşdirmäge ýardam berer.

Bu enjamlaryň esasy wezipesi guýulary burawlamakdan ybaratdyr. Ozal bu işleri ýerine ýetirmek üçin bir aýdan gowrak wagt sarp edilen bolsa, emma indi täze enjamlaryň kömegi bilen şol wagt 20 güne çenli gysgalar.

Her bir göçme buraw enjamlarynda iki sany elektrik bekedi (CAT hereketlendirijisiň yşyklandyrylyşy), takmynan 10 adam üçin doly enjamlaşdyrylan tirkeg, 492 LH we 492 LH buraw turbalary, “Kärcher” turba ýuwujysy, F-500 palçyk nasosy (CAT hereketlendirijili), uzakdan dolandyryş toplumy we ätiýaçlyk şaýlary hem-de gyssagly kömek gurallary bar.

Mary welaýatynda ýerleşýän “Ýylan” gaz käniniň №01 ulanyş-bahalandyryş guýusynda tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, guýynyň önümçiligi bir günde 991,6 müň kub metr tebigy gaza deň bolar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022