“Asuda akym” çalgy ýaglarynyň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Asuda akym” çalgy ýaglarynyň önümçiligini ýola goýdy
Bu çalgy ýaglary “Şir ýag” haryt nyşany bilen 1; 5; 20 we 205 litrlik gaplara gaplanylyp, müşderilere hödürlenilýär.

“Asuda akym” hojalyk jemgyýeti 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda çalgy ýaglarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

“Asuda akym” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşip, ol dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendir.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde çalgy ýaglaryň onlarça görnüşi öndürilýär. Olaryň hatarynda ýarym sintetik, doly sintetik motor ýaglaryny hem-de senagatda, gidrawlik ulgamda, oba hojalykda ulanylýan we beýleki çalgy ýaglaryny görkezmek bolar. Sintetik motor ýagy ýokary öndürijilikli we ähli pasyl üçin hereketlendiriji ýagdyr.

Bu çalgy ýaglary “Şir ýag” haryt nyşany bilen 1; 5; 20 we 205 litrlik gaplara gaplanylyp, müşderilere hödürlenilýär. Bu önümleriň gaplanylýan plastik gaplary kärhananyň özünde öndürilýär.

2022