FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary on iki aýlap yzygiderli peseldi

BUSINESS TÜRKMENISTAN
FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary on iki aýlap yzygiderli peseldi
Dünýäde bugdaýyň bahasy 7,1 göterim peseldi.

Azyk önümleriniň global bahalary mart aýynda on iki aý yzygiderli peseldi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi şu ýylyň mart aýynda ortaça 126,9 bala ýetdi. Häzirki wagtda bu indeks şu ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende 2,1 göterim, 2022-nji ýylyň mart aýynyň iň ýokary derejesinden 20,5 göterim peseldi.

Importyň peselmegi we Gara deňiz portlaryndan daşalýan däne önümleriniň  möçberiniň artmagy bahanyň arzanlamagyna sebäp boldy.

Dünýäde bugdaýyň bahasy 7,1 göterim, galla önümleriniň bahasynyň görkezijisi 5,6 göterim we ösümlik ýaglarynyň bahalary 4,6 göterim peseldi. Braziliýada ýokary derejede hasyl alynmagy garaşylýandygy sebäpli dünýäde mekgejöweniň bahasy 4,6 göterim arzanlady. 

Hindistanda, Taýlandda we Hytaýda önümçilik mümkinçilikleriniň pese düşmegi sebäpli FAO-nyň şeker bahasynyň görkezijisi mart aýynda 1,5 göterim ýokarlanyp, 2016-njy ýylyň oktýabr aýyndan bäri iň ýokary derejä ýetdi.

FAO halkara tüwi söwdasynyň 2022-nji ýyldaky dereje bilen deňeşdirilende 2023-nji ýylda 5,2 göterim pese gaçjakdygyny çaklaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022