Moskwada “TransRussia” Halkara ulag-logistika hyzmatlarynyň sergisi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Moskwada “TransRussia” Halkara ulag-logistika hyzmatlarynyň sergisi geçiriler
Sergi 12 bölümde geçirilip, oňa dünýäniň 18 ýurdundan logistika, ýükleri saklap bermek, ekspeditorçylyk we ammar enjamlarynyň üpjünçiligi ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň 245-si gatnaşar.

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde 17-19-nji aprel aralygynda “TransRussia” diýlip atlandyrylýan 27-nji Halkara ulag-logistika hyzmatlarynyň, ammar enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň sergisi geçiriler. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Bu sergi 12 bölümde geçirilip, oňa dünýäniň 18 ýurdundan logistika, ýükleri saklap bermek, ekspeditorçylyk we ammar enjamlarynyň üpjünçiligi ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň 245-si gatnaşar.

Halkara sergi ýükleri eltip bermek, ammarlarda, terminallarda saklap bermek hem-de degişli gümrük amallaryny ýerine ýetirmek hyzmatlary bilen meşgullanýan rus, şeýle hem daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga amatly mümkinçilikdir.

Halkara ulag-logistika hyzmatlarynyň, ammar enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň sergisi 3 gün dowam edip, onuň çäginde 6 sany maslahat gurnalar. Maslahalaryň dowamynda 170-den gowrak kompaniýalaryň wekilleri, ulag-logistika pudagyndaky bilermenler çykyş ederler.

Şeýle hem sergini görmäge 47 döwletden 18 müňden gowrak adamyň gelmegine garaşylýar.

2022