“Bureu Veritas Marine Kazakhstan” kompaniýasyna Türkmenistanda şahamça açmak teklip edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Bureu Veritas Marine Kazakhstan” kompaniýasyna Türkmenistanda şahamça açmak teklip edildi
Türkmen tarapy “Balkan” gämi gurluşyk zawodynda meýilleşdirilýän gämi gurluşyk taslamalary barada habar berdi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen “Bureu Veritas Marine Kazakhstan” klassifikasion jemgyýetiniň (BV) wekilleriniň arasynda duşenbe güni geçirilen duşuşykda türkmen tarapy kompaniýanyň Türkmenistanda şahamçasyny açmagy teklip etdi. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy “Balkan” gämi gurluşyk zawodynda meýilleşdirilýän gämi gurluşyk taslamalary barada habar berdi we BV kompaniýasyna hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi.

Kompaniýanyň wekilleri öz gezeginde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler we hyzmatlar üçin zerurlyk artan halatynda daşary ýurtlardan (Türkiýe, BAE) wekilleri Türkmenistana çekmäge taýýardyklaryny belläp geçdiler.

Şeýle hem kompaniýanyň wekilleri şol gün “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody paýdarlar jemgyýetinde we “Deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýetinde duşuşyklary geçirdiler.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň resmi metbugatynda bellenilişi ýaly, duşuşygyň çäginde gämi gurluşyk babatynda tehniki gözegçiligini amala aşyrmak şeýle hem “Balkan” zawodynyň kebşirleýjilerini “Bureau Veritas” Klassifikassion Jemgyýetiniň talaplaryna laýyklykda şahadatnamalaşdyrmak boýunça gepleşikleri geçirdiler.

BV klassifikasion jemgyýeti 1828-nji ýylda döredilip, dünýäde on bir sany ägirt uly klassifikasion jemgyýetiniň biri bolup durýar. BV deňizde hapalanmagyň öňüni almak, şeýle hem, gämileriň gurluşygyna tehniki gözegçilik etmek we olara şahadatnamalary bermek boýunça halkara hyzmatlaryny berýär. BV-niň wekilhanalary dünýäniň 140 ýurdunda hereket edýär. 2020-nji ýyldan bäri, Agentlik bilen baglaşylan şertnama esasynda BV halkara talaplara laýyklykda Türkmenistanda hasaba alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär.

2022