Eýranyň öňki senenamasy boýunça 1401-nji ýylda (2023-nji ýylyň 20-nji martynda tamamlandy) alyş-çalşyk usuly arkaly türkmen tebigy gazynyň Azerbaýjana eksporty ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 358 göterim artdy. Bu barada Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýerine ýetiriji direktory, Eýranyň Nebitgaz senagaty Ministriniň orunbasary Majid Çegeni “Fars News” agentligine beren interwýusynda aýtdy.
Habarda bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylda Azerbaýjana alyş-çalşyk usuly arkaly tebigy gazyň üpjünçiligi 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 530 göterim ýokarlandy.
Şu ýyl alyş-çalşyk usuly arkaly türkmen tebigy gazynyň Azerbaýjana eksporty 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 70 göterim artmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň arasyndaky üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy şertnamasyna laýyklykda, Azerbaýjan häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny import edýär.