Koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ýangyç-energetika taslamalaryna gatnaşmak isleýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ýangyç-energetika taslamalaryna gatnaşmak isleýärler
Li Dal Gon Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň gurluşygyna gatnaşmak barada nygtady.

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagyndaky taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşyga koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti, hem-de Günorta Koreýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul gatnaşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri täze Arkadag şäheriniň gurlandygy barada aýdyp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda amala aşyryljak önümçilik we beýleki maksatly binalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmäge koreýaly işewürleriň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge we ösdürmäge taýýardygyny belledi.

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon öz gezeginde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň gurluşygyna gatnaşmak meseleleriniň özüne çekijiligi barada nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygyndaky Günorta Koreýanyň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna öňdebaryjy tejribäni hem-de ýokary tehnologiýalary, häzirki zamanyň ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak, iri daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda koreý işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa we TDIM-niň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Taraplar ýokary derejede geçirilýän türkmen-koreý gepleşikleriniň ygtybarly ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdiler.

2022