Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,4 esse artyp (38,92 million dollar), 211,88 million ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň statistik maglumatlaryna salgylanyp, "Trend" agentligi anna güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistan Azerbaýjan bilen söwda dolanyşygynyň möçberi boýunça ilkinji on bäşline girdi.
Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň Azerbaýjana eksporty 190 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,3 esse ýokarydyr (30,14 million ABŞ dollary). Bu döwürde Azerbaýjanyň importyndaky Türkmenistanyň paýy geçen ýylyň ilkinji üç aýy bilen deňeşdirilende (2022-nji ýylyň ilkinji üç aýynda 1,03 göterim) 3,68 göterim ýokarlandy.
Bu döwürde Azerbaýjanyň eksportynyň umumy mukdaryndaky Türkmenistanyň paýy 2022-nji ýylyň ýanwar-mart aýlaryndaky 0,11 göterim bilen deňeşdirilende 0,28 göterime deň boldy.