Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $263,4 milliona deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $263,4 milliona deň boldy
Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 218,4 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 263,4 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň penşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 218,4 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 45,1 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Özbegistanyň 2023-nji ýylyň ilkinji üç aýynda daşary söwda dolanyşygy 14,8 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,6 milliard ABŞ dollaryndan gowrak ýa-da 11,9 göterim ýokarlandy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 59,6 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022