Çöl syýahatçylygynyň Milli ykdysadyýetlere goşýan goşandy

Nurmyrat Mommaýew
Çöl syýahatçylygynyň Milli ykdysadyýetlere goşýan goşandy
“Garagum Ýalkymy” – alawly oý, Garagum çöli, Türkmenistan (Surat: medeniyet.gov.tm)

Çöl syýahatçylygy dünýäde barha meşhurlyk gazanýan syýahatçylyk düşünjesidir we iş orunlarynyň döredilmegine, ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşlerine uly goşant goşup biler. Çöl meýdanlary bolan ýurtlar üçin syýahatçylygyň bu görnüşi uly mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligi ýokary bolup, ýurt özüniň taryhy, medeniýeti we tebigy gözellikleri bilen köp jahankeşdäni özüne çekip biler. Şolaryň biri hem ýurduň tutýan meýdanynyň köp bölegini emele getirýän Garagum çölidir.

Garagum çöli ak öýlerden ybarat düşelgeler, dürli çöl gezelençleri, agşamlaryna açyk howada ýyldyzlary synlamak ýaly köp sanly çäreler bilen jahankeşdeler üçin gyzykly başdan geçirmeleri hödürleýär. Mundan başga-da, Garagum çöli atly gezelenç, welosiped we awtoulag gezelençleri üçin hem uly mümkinçiliklere eýedir.

Mundan başga-da, Garagum çölündäki Derweze tebigy gaz krateri jahankeşdeleri özüne çekýän syýahatçylyk merkezidir. Tebigy gaz ýatagynyň ýakylmagy netijesinde ýüze çykan krater, ençeme ýyl bäri ýanmagyny dowam etdirýär. Krateriň ýanynda gurlan düşelgeler jahankeşdeler üçin gijäni çölde geçirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan soňky ýyllarda syýahatçylyk pudagyna maýa goýmaga dowam edýär we ýurduň syýahatçylyk mümkinçiligini ýokarlandymak üçin zerur çäreleri görýär. Ýurduň syýahatçylyk pudagy maýa goýumlarynyň köpelmegi we syýahatçylaryň sanynyň köpelmegi bilen ösdi. Çöl syýahatçylygy Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň has-da ösmegine möhüm goşant goşup biler.

Dünýädäki beýleki mysallar hem çöl syýahatçylygynyň ykdysadyýete bolan täsirini görkezýär. Mysal üçin, Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) ýerleşýän Dubaý şaheri syýahatçylyk pudagy arkaly ýokary ykdysady ösüşe eýe boldy. Dubaý çöl syýahatçylygy babatynda dünýäde öňdebaryjy syýahatçylyk merkezleriniň biridir we syýahatçylyk pudagy BAE-niň ykdysady ösüşiniň möhüm bölegidir.

Şonuň ýaly-da, Müsürdäki çöl syýahatçylygy ýurduň syýahatçylyk pudagynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir. Müsüriň Ak çöli jahankeşdelere çölde gezelenç etmek üçin uly mümkinçilikler hödürleýär we ýurduň syýahatçylyk pudagyna möhüm goşant goşýar.

Bu mümkinçilikleriň hemmesi nazara alynanda, Türkmenistanyň çöl syýahatçylygy üçin uly mümkinçilikleriniň bardygy äşgärdir. Türkmenistanyň bu ugurda maýa goýmagy we syýahatçylygyň durnukly tejribesini ulanmagy ýurduň ykdysady ösüşine goşant goşýar, täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, çöl syýahatçylygy diňe bir ykdysadyýetdaki ösüşe däl, eýsem tebigy we medeni gurşawa-da möhüm täsir edýär.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022