Ýanwar-mart: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 3,8 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-mart: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 3,8 milliard manatdan geçdi
“Halkbank terminal” ulgamy arkaly 7 million 694 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 3 milliard 880,3 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 3 milliard 551 million 603 müň 415 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 236 million 56, 5 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 4 million 183,4 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 80 million 22,4 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 812,1 müň manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 7 million 694 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

2022