Türkmenistanda himiýa önümlerini öndürmek üçin gazy gaýtadan işleýän toplumlar gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda himiýa önümlerini öndürmek üçin gazy gaýtadan işleýän toplumlar gurlar
Polimer we köpugurly himiýa önümlerini öndürmek üçin gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň gurluşygy Lebap we Balkan welaýatlarynda göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Tebigy gaz boýunça ylmy-barlag instituty ýurduň gündogar we günbatar sebitlerinde polimer we köpugurly himiýa önümlerini öndürmek üçin azyndan iki sany gazy gaýtadan işleýän zawodyň döredilmeginiň üstünde işleýär diýip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz boýunça ylmy-barlag institutynyň direktory Baýrammyrat Pirnyýazow BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynyň dowamynda mälim etdi.

Baýrammyrat Pirnyýazow ylmy gözlegleriň daşky gurşaw taraplaryna bagyşlanan çykyşynda çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň gazy gaýtadan işlemek ugrundaky üstünliklerini, ýagny ýokary tehnologiki çözgütleri ulanmak arkaly zerur infrastrukturany döretmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.

Mundan başga-da, “Türkmengaz” döwlet konserni wodorodyň, metanolyň, ammiagyň, karbamidiň, dimetil efiriniň, sintetik benziniň we sintetik dizel ýangyjynyň görnüşlerini we çykarylyşyny ýokarlandyrmak üçin önümçiligi diwersifikasiýa etmek ugrunda işleýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda bu ugurda birnäçe kärhana iş alyp barýar. Çig mal ätiýaçlyklary taýdan geljegi uly bolan Lebap we Balkan welaýatlarynda bu önümçilik desgalarynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

2022