Fransiýanyň “Ste SODIPP International” kompaniýasy türkmen karbamidini we nebit önümlerini uly möçberde satyn almak, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa bazarynyň arasynda durnukly logistika zynjyryny döretmek mümkinçiligine garaýar. Bu barada kompaniýanyň prezidenti Lommo Týerri duşenbe güni Aşgabatda geçirilen “Ak şäher Aşgabat 2026” maslahatynda mälim etdi.
“nCa” agentliginiň habar bermegine görä, Fransiýanyň iň iri miwe-gök önüm kooperatiwi Türkmenistandan dökün import etmäge gyzyklanma bildirýän “Ste SODIPP International” kompaniýasyna bu işde ýardam bermek üçin resmi ygtyýarnama berdi. Fransuz işewürleri ileri tutulýan ugur hökmünde karbamid-46 (UREA-46) türkmen önümini satyn almagy göz öňünde tutýarlar.
Kompaniýa Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda himiýa önümleriniň söwdasy boýuça ygtybarly üpjünçilik zynjyryny döretmegi meýilleşdirýär.
Taslamany durmuşa geçirmek üçin “Ste SODIPP International” benzin we uly möçberde dökün satyn almak maksady bilen nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň, şeýle hem Türkmenistan, Ýewropa hem-de Fransiýanyň arasynda üpjünçilik işlerini guramak üçin logistika kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlary gözleýär.
“Ste SODIPP International” energetika, senagat önümçiligi, maýa goýum bank işi we halkara söwda ugurlarynda ýöriteleşen halkara kompaniýasydyr.

















