Balkanabat ýod zawodynda täze, döwrebap önümçiligi ýola goýlar. Degişli teklibi anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow makullady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň, hususan-da, Balkanabat ýod zawodynyň önümçiligini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýerli çig mal serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzyň himiýa senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze himiýa kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Mundan başga-da döwrebap önümçilikler ýola goýulýar we bu ugurda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda himiýa senagatyny ösdürmek, eksporta niýetlenen önümçilikleri ýola goýmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de Balkanabat ýod zawodynda täze, döwrebap önümçiligi ýola goýmak babatda taýýarlanylan teklibi goldap, Wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

















