Türkiýäniň “Çalık Enerji” energiýa kompaniýasy Türkmenistanyň Altyn Asyr kölüniň ýanynda döwrebap ekologiýa obasyny gurýar. Bu barada “News Central Asia” habarlar gullugy çarşenbe güni mälim etdi.
Habarda bellenilişi ýaly, “Çalık Enerji” kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Gökmen Topuz Dubaýda geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda oňa gatnaşyjylary eko-oba taslamasy bilen tanyşdyrdy.
“Çalık Enerji” kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasarynyň habar bermegine görä, bu oba az uglerod zyňyndylary, galyndylary dolandyrmagy, suwy gaýtadan işlemek we süzmek arkaly suwuň az sarp edilmegi we guraklyga çydamlylygy bilen ekologiýa taýdan arassa oba hojalygy bolar.
Obanyň çäginde edara bina, polisiýa we ýangyn gullugynyň edaralary, söwda nokatlar, lukmançylyk merkezi, mekdep, çagalar bagy, jemgyýetçilik çäreleri üçin meýdança, 200 sany maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlar, suw arassalaýjy desgalar (kölüň suwuny agyz suwy üçin arassalamak), lagym nasos stansiýalary we süzüji desgalar, şeýle hem aragatnaşyk serişdeler gurlar.
Mundan başga-da, obada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak arkaly işleýän gibrid elektrik bekedi gurlar.
Şeýle hem Gökmen Topuz öz çykyşynda taslamanyň Aşgabat şäherinden 264 kilometr uzaklykda ýerleşýändigini we onuň 4,5 milliard ABŞ dollaryna barabardygyny aýtdy.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy BAE-niň Dubaý şäheriniň “Hyatt Regency” myhmanhanasynda penşenbe güni öz işine başlady.