“Altynnur zamany” kärhanasy gaplanan kömelek önümlerini öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altynnur zamany” kärhanasy gaplanan kömelek önümlerini öndürýär
Kärhananyň ýyladyşhanasynda kömelegiň gelin we weşenka görnüşleri ýetişdirilýär. (Surat: dzen.ru)

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýerleşýän “Altynnur zamany” hususy kärhanasy ýetişdirýän kömeleklerinden dürli görnüşli gaplama önümlerini öndürýär. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhanada 50 sany hünärmen zähmet çekip, häzirki wagtda kärhananyň ýyladyşhanasynda kömelegiň iki görnüşi, ýagny gelin hem-de weşenka kömelekleri ýetişdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada ýetişdirilýän kömelekler gaýtadan işlenilenden soň marinada ýatyrylyp, aýna gaplara gaplanylýar. Kämil tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu kärhanada 480 gramlyk aýna gaplara gaplanan kömelekleriň her sagatda 1 müň sanysy çykarylýar.

“Altynnur zamany” kärhanasynyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, kömelekler ekilen wagtyndan bir aý geçenden soň hasyl berip başlaýar. Hasylyň dowamlylygy, takmynan, iki aýa barabar bolup, olaryň yzygiderli hasyl bermegi üçin bu ýerde Hytaýdan we Ýaponiýadan satyn alnan enjamlar ulanylýar.

Mundan başga-da, “Altynnur zamany” hususy kärhanasy dürli görnüşli miwelerden mürepbe önümçiligini hem alyp barýar.

2022