Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iberen hatynda türk Lideriniň tiz sagalandygy hem-de Türkiýäniň gülläp ösmegi ugrundaky döwlet işini dowam etdirýändigi baradaky habary ýakymly duýgular bilen kabul edendigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
“Özüňize mahsus bolan ýokary ruhubelentligiňiz we maksada okgunlylygyňyz bilen, Siz häzirki zamanyň görnükli syýasy işgäri hökmünde bütin dünýäde meşhursyňyz. Bu häsiýetleriňiziň berk saglygyňyz bilen birlikde, mundan beýläk-de halkara parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen giň gerimli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça Siziň köptaraply işiňiz üçin binýat boljakdygyna ynanýaryn” diýlip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk Liderine iberen hatynda bellenilýär.
“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size berk jan saglyk, Türkiýäniň doganlyk halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine parasatly, ýadawsyz işiňizde hemaýat bersin!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Türkiýäniň Saglyk ministiriniň habar bermegine görä, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan aşgazan sowuklamasynyň biynjalyk edendigi bilen bagly degişli bejergileri aldy.