Türkmenistan €17,08 million möçberinde himiýa önümlerini import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan €17,08 million möçberinde himiýa önümlerini import etdi
Türkmenistan 2023-nji ýylyň fewral aýynda ÝB-ne agza ýurtlaryndan umumy möçberi 8,74 million ýewro deň bolan himiýa senagatynyň önümlerini import etdi.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlaryndan 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 17,08 million ýewro möçberinde himiýa senagatynyň önümlerini import etdi. Bu barada ÝB-niň Statistika gullugyna (Ýewrostat) salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Agentligiň habar bermegine görä, hasabat döwründe bu görkezijiler geçen ýylyň ilkinji iki aýy bilen deňeşdirilende 1,7 esse ýokarlandy (9,75 million ýewro).

ÝB-niň Statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan 2023-nji ýylyň fewral aýynda ÝB-ne agza ýurtlaryndan umumy möçberi 8,74 million ýewro deň bolan himiýa senagatynyň önümlerini import etdi. Bu bolsa 2023-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 4,8 göterim ýokarydyr (8,34 million ýewro).

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 118,36 million ýewro barabar boldy.

2022