Türkmenistan €3,04 million möçberinde mineral çig maly import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan €3,04 million möçberinde mineral çig maly import etdi
Türkmenistan şu ýylyň fewral aýynda ÝB-ne agza ýurtlaryndan jemi 1,07 million ýewro deň bolan mineral çig maly import etdi.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlaryndan 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 3,04 million ýewro möçberinde mineral çig maly import etdi. Bu barada ÝB-niň Statistika gullugyna (Ýewrostat) salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bu görkezijiler geçen ýylyň ilkinji iki aýy bilen deňeşdirilende 2,5 esse ýokarlandy (1,17 million ýewro).

ÝB-niň Statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan 2023-nji ýylyň fewral aýynda ÝB-ne agza ýurtlaryndan umumy möçberi 1,07 million ýewro deň bolan mineral çig maly import etdi. Bu bolsa 2023-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 1,8 esse azdyr (1,97 million ýewro).

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 118,36 million ýewro barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022