Türkmen-täjik işewürlik forumy Duşanbe şäherinde öz işine başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-täjik işewürlik forumy Duşanbe şäherinde öz işine başlandy
Türkmen-täjik işewürlik forumy, 2023-nji ýylyň 8-nji maýy, Duşanbe, Täjigistan

Türkmen-täjik işewürlik forumy 8-nji maýda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde öz işine başlady. Bu barada Täjigistanyň Milli habar agentligi "Howar" habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, foruma türkmen tarapyndan konditer önümlerini, hojalyk enjamlaryny, kofe, plastik önümlerini, kanselýariýa harytlaryny, dokma önümleri, polipropilen sapaklary öndürýän, şeýle hem syýahatçylyk , söwda, maslahat beriş hyzmatlary pudagynda iş alyp barýan 67-den gowrak iri, kiçi we orta kompaniýalar gatnaşýarlar.

Mundan başga-da, Täjigistan bilen Türkmenistanyň işewürler geňeşiniň ilkinji mejlisi we eksport harytlarynyň sergisi geçiriler.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Täjigistanyň işewürleriniň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

2022