“Miwe merkezi” erikden miwe şire suwlarynyň günde 350-400 gabyny taýýarlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Miwe merkezi” erikden miwe şire suwlarynyň günde 350-400 gabyny taýýarlaýar
Ýygnalýan erikler her günde hojalyk jemgyýetiniň gaplama işlerini alyp barýan kärhanasyna iberilýär we olardan miwe şire suwlary taýýarlanylyp, 3 litrlik çüýşe gaplara gaplanylýar.

“Miwe merkezi” hojalyk jemgyýeti bir günüň dowamynda erikden miwe şire suwlarynyň 350-400 gabyny taýýarlaýar. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda ýerleşýän bu kärhana döwlet tarapyndan bölünip berlen 18 gektar ýer böleginiň 10 gektarynda dürli görnüşli miweli baglary ösdürip ýetişdirýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Miwe merkezi” hojalyk jemgyýetiniň ekin meýdanynda erik, alma, ülje ýaly dürli görnüşli miweli baglary idedilýär we olardan bu ýyl hem bol hasyla garaşylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň bagbanlary ir ýetişýän eriklerden ilkinji hasyly ýygnap başladylar. Ýygnalýan erikler her günde hojalyk jemgyýetiniň gaplama işlerini alyp barýan kärhanasyna iberilýär we olardan miwe şire suwlary taýýarlanylyp, 3 litrlik çüýşe gaplara gaplanylýar.

Şeýle hem “Miwe merkezi” kärhanasynyň bu önümleri taýýar önüm görnüşinde içerki sarp edijilere we ýerli çagalar baglaryna ugradylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022