“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 24-nji maddasyna laýyklykda notariuslar aşakda görkezilenlere borçludyrlar:
- şu Kanuna we kabul eden Kasamyna laýyklykda öz hünär borçlaryny ýerine ýetirmäge;
- hünär etikasyny berjaý etmäge;
- şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda notarial hereketlerini amala aşyrmaga;
- fiziki we ýuridik şahslara hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi we kanuny bähbitleriniň goralmagy üçin ýardam etmäge, olara hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge;
- amala aşyrylýan notarial hereketleriň hukuk netijeleri barada ýüz tutan şahslara duýdurmaga;
- notarial işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly özlerine mälim bolan maglumatlaryň syryny saklamaga;
- öz hereketlerine şikaýatlar boýunça ol şikaýatlara seredýän degişli edaralara amala aşyrylan notarial hereketler barada maglumatlary, gaýry resminamalary, şahsy düşündirişlerini bermäge;
- jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zerur bolan maglumatlary bermäge;
- miras tertibinde raýatlaryň eýeçiligine geçýän emläk barada degişli salgyt edaralaryna habar bermäge;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän notarial hereketlerini amala aşyrmakdan ýüz döndermäge;
- notariusyň ygtyýarnamasyny alan hünär jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmaga;
- hususy notariuslaryň ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini berjaý etmäge;
- Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde notarial hereketleri barada maglumatlaryň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna berilmegi notarial hereketleriň syrynyň aýan edilmegi bolmaýar.
Çeşme: “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň kanuny