“Merdana doganlar” hususy kärhanasy Daşoguz şäheriniň merkezinde köne senagat kärhanasyndan boşadylan ýer meýdanynda dört gatly dokuz sany ýaşaýyş jaýyň gurluşygyny alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Daşoguz şäherinde alnyp barylýan bu gurluşygyň aýratyn häsiýeti onuň kompleksliligidir. Häzirki wagtda şäher gurşawyny döretmek ähli mümkinçilikleri ulanmak bilen, şol sanda boş ýerleri özgertmek arkaly amala aşyrylýar.
Täze binalara ýanaşyk ýerleriň hemmesi abadanlaşdyrylýar, yşyklandyrylýar we bag oturdylýar, bu bolsa Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkeziniň binagärlik keşbini sazlaşykly ösdürmäge mümkinçilik berýär diýip, habarda bellenilýär.
Daşoguz şäheriniň Zaman köçesiniň ugrunda täze ýedi gatly ýaşaýyş jaýlary “Аtalyk gurluşyk” hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gurulýar.