Daşoguz welaýatynda täze suw howdanynyň taslamasy taýýarlanylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz welaýatynda täze suw howdanynyň taslamasy taýýarlanylýar
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýerleşýän suw howdany

Daşoguz welaýatyndaky Türkmenderýanyň boýunda suw sygymy 90 million kub metre barabar bolan suw howdanyny gurmak we Şasenem kanalynyň 100 kilometrden gowrak ýerini betonlamak, boýunça taslamalary taýýarlap, bu ugurdaky işlere ýakyn wagtda girişmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Daşoguz welaýatynda alnyp barylýan ýer gazmak, meýdanlary tekizlemek, akabalary giňeltmek ýaly suw-gurluşyk işlerinde welaýatyň “Altyn asyr” Türkmen köl gurluşyk dolanyşygynda ýakynda daşary ýurtlardan täze satyn alnan ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň 14-si, ýagny ekskawatorlaryň 9-sy we buldozerleriň 5-si giňden ulanylýar.

Daşoguz welaýatynyň “Altyn asyr” Türkmen köl gurluşyk dolanyşygynyň topar ýolbaşçysy Baýram Gazakow welaýat boýunça ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň şoruny ýuwmak meselesiniň uly ähmiýete eýedigini we şeýle möhüm meseläni çözmek üçin jemi 9,4 kilometre barabar şor suw akabasynyň çekildigini gürrüň berdi.

Şeýle hem Baýram Gazakow kärhanada “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyna aýratyn üns berilýändigini we bu köle Daşoguzdan barýan şahanyň ilkinji nobatdaky gurluşygynyň üstünlikli tamamlanandygyny belläp geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022