Hytaý bilen Türkmenistan derman barlaghanasyny döretmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý bilen Türkmenistan derman barlaghanasyny döretmegi meýilleşdirýär
Bu merkez täze derman serişdelerini öndürmek pudagynda iş alyp barýan has köp ýerli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berer.

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi Aziýadaky derman serişdelerini öwreniş merkezi geljek ýyl Türkmenistanda derman laboratoriýasyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Sinszýan tehniki fizika we himiýa Institutynyň müdiriniň orunbasary Haji Akber Aisayň aýdanlaryna salgylanyp, Hytaýyň CGTN döwlet teleýaýlymy sişenbe güni habar berdi.

Haji Akber Aisyň aýtmagyna görä, ylmy merkez Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy guramalarynyň iň gowy hünärmenlerini özüne jemledi. Işjeň gatnaşyjylaryň arasynda Hytaý Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky Sinszýan tehniki fizika we himiýa Instituty, Şanhaý lukmançylyk himiýa instituty, Kunming zoologiýa instituty, Özbegistanyň ösümlik maddalarynyň himiýa instituty, Täjigistanyň Milli Ylymlar akademiýasy we Al-Farabi adyndaky Gazagystanyň Milli uniwersiteti bardyr.

Laboratoriýa taýýar bolandan soň ol Merkezi Aziýa ýurtlarynda lukmançylyk pudagynda ylmy gözleg işlerini alyp barmak üçin platforma hökmünde işlär. Şeýle hem bu merkez täze derman serişdelerini öndürmek pudagynda iş alyp barýan has köp ýerli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berer.

Haji Akber Aisa Gyrgyzystanda we Türkmenistanda barlaghanalaryň guruljakdygyny aýdyp, Özbegistanda maýa goýumlarynyň ikinji tapgyrynyň meýilnamasy boýunça iş alnyp barylýandygyny habar berdi.

2022