Täze gaz geçiriji taslamasy türkmen gazynyň Hindistana barmagyna mümkinçilik döreder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täze gaz geçiriji taslamasy türkmen gazynyň Hindistana barmagyna mümkinçilik döreder
Ýakyn Gündogary we Hindistany birleşdirýän 2 müň kilometre deň bolan energiýa geçelgesi ýylda 849,60 million ABŞ dollaryny tygşytlamaga ýardam berer diýlip garaşylýar.

Hindistanyň suwasty turbageçiriji taslamalary bilen meşgullanýan “South Asia Gas Enterprise” (SAGE) kompaniýasy Pars aýlagynyň ýurtlaryndan Hindistana uzaýan we umumy möçberi 5 milliard ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan tebigy gaz turbageçirijisini gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Financial Express” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, SAGE-niň müdiri Subodh Kumar Jain bu taslamanyň tehniki we maliýe taýdan üstünlikli durmuşa geçirilendigini aýtdy.

Şeýle hem Ýakyn Gündogary we Hindistany birleşdirýän 2 müň kilometre deň bolan energiýa geçelgesi ýylda 849,60 million ABŞ dollaryny tygşytlamaga ýardam berer diýlip garaşylýar. Bu turbageçiriji Omandan, Birleşen Arap Emirliklerinden (BAE) we Arap deňziniň içinden geçip, 2500 trillion kub fut gaz ätiýaçlygy bolan sebitlerden, ýagny, Omandan, BAE-den, Saud Arabystanyndan, Eýrandan, Türkmenistandan we Katardan gaz import etmäge mümkinçilik berer.

Hindistanyň Energetika we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça ministri Raj Kumar Singhiň Hindistanyň “Mint” maliýe neşirine habar bermegine görä, Hindistan elektrik ulgamyny BAE we Saud Arabystany bilen suwasty kabeller arkaly baglanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem Raj Kumar Singh ýurduň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylandan soň uly göwrümli taslamalary durmuşa geçirmek üçin Saud Arabystany we BAE bilen ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekiljekdigini aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022