Türkmenistan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi hakynda Ylalaşyga goşulmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi hakynda Ylalaşyga goşulmakçy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň forumda eden çykyşy, 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýy, Kazan, Tatarystan

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi hakynda Ylalaşyga goşulmagy bilen bagly işler alnyp barylýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew 18-19-nji maý aralygynda Tatarystanyň Kazan şäherinde geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023” XIV halkara ykdysady forumynyň mejlisinde aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory “Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň ösüşi” atly mowzuklaýyn mejlisiň dowamynda eden çykyşynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, Türkmenistanyň ählumumy üpjünçilik zynjyrlarynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýändigini belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, Demirgazyk—Günorta ugry boýunça ýükleri daşamakda wajyp halka bolan Türkmenistan—Gazagystan—Eýran transmilli polat ýolunyň işe girizilmegi netijesinde, üstaşyr akymlaryň logistikasynda Türkmenistanyň mümkinçilikleri has-da özüne çekýär.

Şeýle-de forumyň gün tertibine “Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda senagat, ulag we logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin infrastruktura şertleri” atly ýörite bölümçäniň işi girizildi we onuň dowamynda bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşýan myhmanlar “Russia Halal Expo” atly halkara sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Onda Türkmenistanda öndürilýän önümler bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023” forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin, “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory Sergeý Kogogin bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022