Türkmen wekiliýeti Milanda geçirilýän dokma enjamlarynyň halkara sergisine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Milanda geçirilýän dokma enjamlarynyň halkara sergisine gatnaşar
Dokma enjamlarynyň halkara sergisi (Surat: itma.com)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýanyň Milan şäherinde geçirilýän dokma enjamlarynyň halkara sergisine gatnaşmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda wise-premýer Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Batyr Atdaýew Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny guramak boýunça degişli işler alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda alnyp barylýan netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlarda bolşy ýaly, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda-da üstünlikli ösdürilýändigini belläp, geçiriljek çäreleriň Türkmenistanyň bu ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine ýardam berjekdigini aýtdy hem-de agzalan çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022