Ýanwar-mart: Türkmenistan-Russiýa söwda dolanyşygy 10,4 göterim ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-mart: Türkmenistan-Russiýa söwda dolanyşygy 10,4 göterim ýokarlandy
Astrahan porty, Russiýa (Surat: Yandex Maps)

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,4 göterim ýokarlandy. Bu barda “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň şenbe güni çap edilen sanynda habar berildi.

Hasabat döwründe iki ýurduň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 386 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Russiýa Türkmenistanyň umumy söwda dolanyşygynda üçünji ýerde durýar.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilmegine görä, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan we Swerdlowsk sebitleriniň, şeýle hem Sankt-Peterburg şäheriniň arasynda ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy.

Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,4 göterim ýokarlandy.

2022