Russiýa bilen Ýewraziýa ýurtlary Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa bilen Ýewraziýa ýurtlary Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegi meýilleşdirýär
Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnulliniň “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023” XIV halkara ykdysady forumynda eden çykyşy, 2023-nji ýylyň 18-nji maýy (Surat: Russiýanyň hökümediniň metbugat gullugy)

Russiýa bilen Ýewraziýa ýurtlary Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegi meýilleşdirýär we bu ösüş taslama konteýnerli ýük daşamalaryň 15-30 esse artdyrylmagyny öz içine alýar. Tatarystanyň Kazan şäherinde 18-19-njy maý aralygynda geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023” XIV halkara ykdysady forumyna gatnaşyjylar bu taslama boýunça meseleleri içgin ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara ykdysady forumyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taslama Aziýa, Pars aýlagy, Gündogar Afrika döwletlerini gurşap alyp, dünýädäki logistikany üýtgedip biler.

Ýewraziýa Ösüş Bankynyň (ÝÖB) hasaplamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça konteýnerli ýük daşamalaryň möçberi ýylda 11,9 million tonna, ýüküň umumy mukdary bolsa 24,7 million tonna çenli artyp biler.

Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnullin forumyň dowamynda eden çykyşynda Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň bir wagtyň özünde üç ugur, ýagny Dagystanyň we Azerbaýjanyň üsti bilen günbatar ugry, Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Transhazar hem-de gündogar ugry boýunça ösýändigini nygtady.

Şeýle hem wise-premýer Russiýa bilen Hazar sebitiniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Pars aýlagynyň arasyndaky ýük dolanyşygy Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça iki esse ýagny, 30 million tonna çenli ýokarlanjakdygyny belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, diňe halkara ulag geçelgesiniň Transhazar ugrunda 800-e golaý ýük gämisini ulanmak meýilleşdirilýär.

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi uzynlygy 7,200 kilometre barabar bolan multimodal ugrydyr. Bu alternatiw ulag geçelgesi Ýewropany, Pars aýlagynyň ýurtlaryny we Hindi ummanyny Müsürde ýerleşýän Sues kanaly arkaly birleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022