Azerbaýjanyň kompaniýalary Türkmenistana pagta süýüminiň eksportyny ýola goýdular

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjanyň kompaniýalary Türkmenistana pagta süýüminiň eksportyny ýola goýdular
Azerbaýjan gelejekde pagtadan gaýtadan işlenýän beýleki önümleri hem Türkmenistana eksport etmegi meýilleşdirýär. (Surat: trend.az)

Azerbaýjanyň kompaniýalary Türkmenistana pagta süýüminiň eksportyny ýola goýdular. Bu barada Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrligine salgylanyp, “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Azerbaýjanyň “Azərpambıq”, “MKT İK” we “P-Agro” ýaly kompaniýalary Türkmenistana pagta süýüminiň eksportyny ýola goýdylar. Ilki başda Baku halkara deňiz söwda portundan Türkmenistana 30 müň tonna pagta süýümi iberiler.

Azerbaýjanyň ykdysady zolaklaryny ösdürmek gullugynyň habar bermegine görä, gelejekde pagta süýümi bilen birlikde, pagtadan gaýtadan işlenýän beýleki önümleri hem Türkmenistana eksport etmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda logistika we söwda gatnaşyklaryny öz içine alýan ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşar.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,4 esse artyp (38,92 million dollar), 211,88 million ABŞ dollaryna ýetdi.

2022