2022: Türkmen-gazak söwda dolanyşygy 72% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
2022: Türkmen-gazak söwda dolanyşygy 72% ýokarlandy
Gazagystan ýurduň eksport ätiýaçlandyryş kompaniýasy bolan “KazakhExport” bilen Türkmenistanyň banklarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi. (Surat: aa.com.tr)

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 72 göterim ýokarlandy we takmynan 438 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň 15-nji maýda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen ykdysady, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça gazak-türkmen hökümetara toparynyň 12-nji mejlisinde eden çykyşyna salgylanyp, Gazagystanyň Ykdysadyýet ministrligi habar berdi.

Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmen-gazak hökümetara toparynyň 12-nji mejlisiniň çäklerinde taraplar oba hojalygy, energiýa, ulag we logistika ugurlary boýunça birnäçe Ylalaşyga gol çekdiler.

Mundan başga-da, Gazagystanyň gaýtadan işlenen önümlerini eksport edijileriň türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýändikleri sebäpli, Gazagystan ýurduň eksport ätiýaçlandyryş kompaniýasy bolan “KazakhExport” bilen Türkmenistanyň banklarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Şeýle hem Roman Sklýar türkmen-owgan serhedinde göz öňünde tutulýan däne terminaly taslamasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň mart aýy ýagdaýyna gazak kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 53 sany maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilýändigi hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022