Ýanwar-aprel: TNGIZT 1,6 million tonna golaý nebiti gaýtadan işledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-aprel: TNGIZT 1,6 million tonna golaý nebiti gaýtadan işledi
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy boýunça şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda gelip gowşan 1 million 554 müň tonna nebit çig malynyň 1 million 526 müň tonna golaýy gaýtadan işlenildi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bu ýerde öndürilen dürli görnüşli benziniň umumy mukdary 512,5 müň tonnadan geçdi we meýilnama 108 göterim ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýylarynda kerosini taýýarlamagyň umumy meýilnamasy 110,1 göterim, dizel ýangyjy boýunça 109,7 göterim, suwuklandyrylan gaz taýýarlamakda 236,4 göterim we nebit bitumy boýunça bolsa 1,5 esse hem köp berjaý edildi.

Bu toplum etilirlenmedik awtomobil ýangyçlaryny, awiasiýa we tehniki kerosinlerini, reaktiw we dizel ýangyjyny, mazudy, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, ýeňil gazoýly, nebit elektrod koksuny, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk we ýol bitumlaryny, ýene-de bir näçe nebit önümlerini öndürýär.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy boýunça şu ýylyň birinji üç aýynda nebit çig malynyň 1 million 161 müň tonna golaýy gaýtadan işlenilip, bu baradaky meýilnama 103,3 göterim berjaý edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022