Ýanwar-mart: TNGIZT 1,1 million tonnadan gowrak nebiti gaýtadan işledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-mart: TNGIZT 1,1 million tonnadan gowrak nebiti gaýtadan işledi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi, 2022-nji ýylyň 20-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy boýunça şu ýylyň birinji üç aýynda nebit çig malynyň 1 million 161 müň tonna golaýy gaýtadan işlenilip, bu baradaky meýilnama 103,3 göterim berjaý edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýylarynda bu ýerde awtoulag benzinlerini taýýarlamagyň umumy meýilnamasy 105 göterime golaý, kerosin 112,2 göterim, dizel ýangyjy boýunça 109 göterimden hem gowrak, polipropilen taýýarlamakda 104,5 göterim, suwuklandyrylan gaz babat-da bolsa bir ýarym esseden hem köp we nebit bitumy boýunça hem 20,5 müň tonna golaý artygy bilen berjaý edildi.

Bu toplum etilirlenmedik awtomobil ýangyçlaryny, awiasiýa we tehniki kerosinlerini, reaktiw we dizel ýangyjyny, mazudy, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, ýeňil gazoýly, nebit elektrod koksuny, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk we ýol bitumlaryny, ýene-de bir näçe nebit önümlerini öndürýär.

Habarda bellenilişi ýaly, toplumyň önümleri Türkmenistanyň eksport ugrunyň esasyny düzýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy her ýylda 2 million tonna mazut almaga, 250 müň tonna suwuklandyrylan gazy hem-de 230 müň tonna pes oktanly ýeňil benzini gaýtadan işlemäge niýetlendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022