Hytaý 2,9 milliard kubmetre golaý türkmen gazyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý 2,9 milliard kubmetre golaý türkmen gazyny import etdi
Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijiniň dördünji şahasy işe girizilenden soň türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberi ýylda 65 milliard kubmetre çenli artdyrylar. (Surat: news.cn)

Türkmenistan şu ýylyň mart aýynda Hytaýa takmynan 2,9 milliard kub metre deň bolan tebigy gaz eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Gazagystan Hytaýa 380 million kub metr gaz iberdi. Özbegistan bolsa mart aýynda Hytaýa 140 million kub metr gaz eksport etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.

BAE-niň Dubaý şäherinde şu ýylyň 26-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň ozalky başlygy Batyr Amanow Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijiniň dördünji şahasy işe girizilenden soň türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberiniň ýylda 65 milliard kubmetre çenli artdyryljakdygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022