“Üznüksiz hyzmat” Türkmenistanda ilkinji bolup üznüksiz iýmitlendiriş çeşmesini öndürip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Üznüksiz hyzmat” Türkmenistanda ilkinji bolup üznüksiz iýmitlendiriş çeşmesini öndürip başlady
Önüm akkumulýatorly işläp, kompýuter enjamlarynda we internet torlarynda giňden ulanylýar. (Surat: balticdata.lv)

Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän “Üznüksiz hyzmat” hususy kärhanasy golaýda Türkmenistanda ilkinji bolup üznüksiz iýmitlendiriş çeşmesiniň (UPS) önümçiligini ýola goýdy. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhanada “Çeşme” haryt nyşany bilen önümçiligi ýola goýlan UPS-leriň dürli kuwwatlykly görnüşleri bolup, olar elektrik akymynyň gelýän ugrunyň kesilendigine garamazdan, sarp edilişine we ýüklenilişine görä, birnäçe wagtyň dowamynda üznüksiz elektrik togy bilen üpjün edýär.

Önüm akkumulýatorly işläp, köçeleriň yşyklarynda, ýol hereketini düzgünleşdiriji enjamlarda, kompýuter enjamlarynda, internet torlarynda, hassahanalarda (operasiýa otaglarynda), aeroportlarda, ýaşaýyş jaýlarynda giňden ulanylýar.

Şeýle hem kärhana elektrik toguny sazlaýjy enjamyň (stabilizator), elektrik akymyny paýlaýjy germewleriň (elektroşit) önümçiligini alyp barýar. Müşderiler önümiň ulanylyşy boýunça ýörite gollanma kitapçalary bilen üpjün edilýär. Mundan başga-da, “Üznüksiz hyzmat” hususy kärhanasy UPS-leriň dürli görnüşlerini gurnamak, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny getirip bermek hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýär.

Ýakyn geljekde kärhana önümçiliginiň gerimini giňeltmegi we täze iş orunlary döretmegi maksat edinýär. Bu ugurda häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde umumy meýdany 3 gektar bolan ýerde täze önümçilik desgasyny gurmak hem-de ony işe girizmek meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022