Ýanwar-aprel: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 5,3 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-aprel: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 5,3 milliard manatdan geçdi
2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda “Mobil bank” ulgamy arkaly 5 million 565,9 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 5 milliard 341,9 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 4 milliard 887 million 699 müň 258 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 327 million 747,3 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 5 million 565,9 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 109 million 791,5 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 939,7 müň manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 10 million 179,8 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

2022