FAO: Maý aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: Maý aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
FAO-nyň azyk önüm baha indeksi maý aýynda ortaça 124,3 bala ýetdi. (Surat: news.am)

Azyk önümleriniň global bahalary maý aýynda däneli önümleriň, ösümlik ýaglarynyň we süýt önümleriniň halkara bahalarynyň ep-esli peselmegi sebäpli arzanlady. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi maý aýynda ortaça 124,3 bala ýetdi. Häzirki wagtda bu indeks şu ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 2,6 göterim peseldi.

Ýanwar aýynda ösümlik ýagynyň bahasy 8,7 göterim arzanlap, ol 2022-nji ýyldaky ortaça derejesinden 48,2 göterim pesdir.

Şekeriň bahasy yzly-yzyna dördünji aý ýokarlanyp, onuň bahasy aprel aýyndaky görkeziji bilen deňeşdirilende 5,5 göterim artdy. Şekeriň bahasy 2022-nji ýyldaky görkezijisinden 31 göterim ýokarydyr.

FAO-nyň galla önümleriniň bahasynyň görkezijisi geçen aý bilen deňeşdirilende 4,8 göterim peselip, mekgejöweniň dünýädäki bahalarynyň 9,8 göterim arzanlamagyna sebäp boldy. Beýleki tarapdan tüwiniň halkara bahasy Aziýa döwletlerinde importyň artmagy we Wýetnam hem-de Pakistan ýaly eksport edýän ýurtlaryň birnäçesinde üpjünçiligiň azalmagy sebäpli maý aýynda has hem ýokarlandy.

2022