Türkmenistanda ýaşlar kärhanalary üçin salgydyň bellenen möçberi azaldyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýaşlar kärhanalary üçin salgydyň bellenen möçberi azaldyldy
Girizilen üýtgetmeler we goşmaça görä, ýaşlar kärhanalary diýlip işgärleriniň azyndan 75 göterimi 35 ýaşa çenli bolan kärhanalara aýdylýar.

Türkmenistanda ýaşlar kärhanalary üçin, salgydyň bellenen möçberi işiniň birinji salgyt ýylynda — 50 göterim, ikinji we üçünji salgyt ýyllarynda 25 göterim azaldylýar.

Türkmenistanyň “Salgytlar hakynda” bitewi Kanunynyň birnäçe maddalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizildi. Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna girizilen üýtgetmeler we goşmaça “Türkmenistan” gazetiniň 9-njy iýundaky sanynda çap edildi.

Girizilen üýtgetmeler we goşmaça görä, ýaşlar kärhanalary diýlip işgärleriniň azyndan 75 göterimi 35 ýaşa çenli bolan kärhanalara aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda kanuna 2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda gol çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022