Türkmenistanda derman serişdelerini we lukmançylyk önümlerini öndürýän türkmen-wenger bilelikdäki önümçilik kärhanasyny döretmek baradaky teklip penşenbe güni Aşgabat şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen duşuşykda beýan edildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Wengriýa dünýäde derman serişdelerini köp möçberde eksport edýän ýigrimi ýurduň hataryna girýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Wengriýanyň bu ugurda uly tejribesini nazara almak bilen, saglygy goraýyş ulgamy, hususan-da, derman senagaty hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda anna güni Aşgabatda gepleşikler geçirildi. Türkmen-wenger gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Gol çekilen resminamalaryň arasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Semmelweýs uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk hem bar.