Türkmen-wenger gepleşikleriniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi

Türkmen-wenger gepleşikleriniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasyndaky duşuşyk, 2023-nji ýylyň 9-njy iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Aşgabada iki günlük resmi sapar bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda anna güni gepleşikler geçirildi.

Türkmen-wenger gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Ol resminamalar şulardan ybaratdyr:

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda diplomatik taýýarlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Semmelweýs uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; 
  • “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkezi bilen Budapeşt paýtagt şäher hökümetiniň diwanynyň Metrologiýa we tehniki gözegçilik müdiriýetiniň arasynda metrologiýa babatda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
  • Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Wengriýanyň Içeri işler ministrliginiň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda “Stipendium Hungaricum” maksatnamasynyň çäklerinde 2024-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
  • Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Syýahatçylyk agentliginiň arasynda syýahatçylyk babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
  • Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Medeniýet we innowasiýa ministrliginiň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşyk. 

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Wiktor Orban köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. 

Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iki günlük resmi sapar bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen penşenbe güni duşuşdy.

Surat: Peter Siýýartonyň "Facebook" sahypasy we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň metbugat gullugy

2022