“Türkmenhowaýollary” agentligi 6 sany uçar satyn alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Türkmenhowaýollary” agentligi 6 sany uçar satyn alar
Bu resminamalar howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine 4 sany “Boeing 737-8” kysymly, şeýle hem 2 sany “Boeing 777-367ER” kysymly uçar satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Boeing”, “TMHCC-AIR 1 LLC” we “TMHCC-AIR 2 LLC” kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Bu resminamalar “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüşiň “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 105,4 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 121,3 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 308 göterime barabar bolandygyny habar berdi.

Mämmethan Çakyýewiň habar bermegine görä, hasabat döwründe täze satyn alnan “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli ýük uçarlarynyň ikisinde ykdysady taýdan has amatly we täze Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat ugurlary boýunça ýük howa gatnawlary amala aşyrylyp başlandy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022