Türkmen telekeçisi iki aýda 30 müňden gowrak towuk ýetişdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi iki aýda 30 müňden gowrak towuk ýetişdirýär
Telekeçä degişli guşçulyk toplumynda her tapgyrda ýetişdirilýän towuklar “Dogan Aý” haryt nyşany bilen gaplara gaplanylyp, içerki sarp edijilere ýetirilýär. (Surat: cdn.bigdutchman.ru)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Topar Ataýewiň guşçulyk toplumynda iki aýyň dowamynda 30 müňden gowrak towuk ýetişdirilýär. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän bu guşçulyk toplumynda et üçin niýetlenen towuklar idedilýär. Bu towuklara tejribeli hünärmenler tarapyndan talabalaýyk ideg edilýär. Şeýle hem toplumda gerekli ýylylyk, ýagtylyk derejeleriniň bolmagy gözegçilikde saklanýar.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda guşçulyk toplumynda ýörite iým zawodyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Telekeçi Topar Ataýewe döwlet tarapyndan bölünip berlen 110 gektar ýer böleginiň 50 gektarynda mekgejöwen ösdürilip ýetişdirilýär. Mekgejöwen guşlar üçin örän ýokumly bolup, olaryň çalt semremegine, dowamly ýumurtga bermegine oňyn täsirini ýetirýär.

Telekeçä degişli guşçulyk toplumynda her tapgyrda ýetişdirilýän towuklar “Dogan Aý” haryt nyşany bilen gaplara gaplanylyp, içerki sarp edijilere ýetirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022