Türkmenistan bilen Özbegistandan Pakistana suwuklandyrylan gaz konteýnerleri gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Özbegistandan Pakistana suwuklandyrylan gaz konteýnerleri gelip gowuşdy
Pakistanyň serhedindäki hünärmen soňky hepdäniň her güni Pakistanyň serhedine suwuklandyrylan gaz daşaýan tankeriň üçüsiniň gelip gowuşandygyny aýtdy. (Surat: newscentralasia.net)

Türkmenistandan we Özbegistandan Pakistana ýurduň Owganystan bilen serhetleşýän Torham gümrük nokady arkaly 21 sany suwuklandyrylan gaz ýüklenen awtoulag gelip gowuşdy. Bu barada Pakistanyň gümrük gullugyna salgylanyp, “Arab News” gazeti çarşenbe güni habar berdi.

“Häzirki wagtda Pakistana suwuklandyrylan gaz ýüklenen azyndan 21 sany awtoulagy gelip gowuşdy” diýip, Torham serhedindäki gümrük nokadynyň ýokary derejeli hünärmeni Hammad Ali "Arab News" gazetine gürrüň berdi.

Pakistanyň serhedindäki barlag-goýberiş nokadynyň gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeni Zarkib Şinwari häzirki wagtda gümrük terminalynda 15 sany suwuklandyrylan gaz konteýneriniň bardygyny mälim etdi. Şeýle hem hünärmen soňky hepdäniň her güni Pakistanyň serhedine suwuklandyrylan gaz daşaýan tankeriň üçüsiniň gelip gowuşandygyny aýtdy.

“Biz Özbegistandan on konteýnerden ybarat bolan 5000 tonna suwuklandyrylan gaz import etdik. Şeýle hem ýakyn wagtda Türkmenistan bilen ylalaşygymyzyň netijesinde ýene 5000 tonna suwuklandyrylan gazy import etmegi meýilleşdirýäris” diýip, “Epic Energy Ltd” kompaniýasynyň uly dolandyryjysy “Arab News” gazetine beren gürrüňinde belläp geçdi.

Mundan başga-da, Suwuklandyrylan gaz distribýutorlar Assosiasiýasynyň başlygy Irfan Hokar gazetiň hünärmeni bilen geçiren söhbetdeşliginde, Owganystanyň üsti bilen Pakistana amala aşyrylýan gaz akymynyň ýurtda bahalary durnuklaşdyryp biljekdigini aýtdy.

“The News” elektron gazetiniň habaryna görä, ylalaşyga laýyklykda Russiýa we Merkezi Aziýa döwletleri her aý Pakistana 200 müň tonna suwuklandyrylan gaz eksport eder.

2022