Ýanwar-maý 2023: SNGIZ-de nebitiň 194 müň 457 tonnasy gaýtadan işlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-maý 2023: SNGIZ-de nebitiň 194 müň 457 tonnasy gaýtadan işlenildi
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtandan işleýän zawodlar toplumynyň düzümine girýän SNGIZ ýurduň iň iri senagat kärhanalarynyň biridir.

Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda esasy çig mal bolan nebitiň 194 müň 457 tonnasy gaýtadan işlenilip, 146 müň 295 tonna önüm alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, gaýtadan işlenilen nebitiň 77 müň 100 tonnasy göni kowlan benzin, 1 müň 500 tonnasy mazut, 49 müň 344 tonnasy dizelýangyjy, 10 müň 744 tonnasy agyr wakuum gazoýly we 7 müň 577 tonnasy bolsa nebit ýol bitumy bolup durýar.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtandan işleýän zawodlar toplumynyň düzümine girýän SNGIZ ýurduň iň iri senagat kärhanalarynyň biridir.

SNGIZ-iň düzüminde 2015-nji ýylda ýyllyk kuwwaty 37 müň tonnadan gowrak ýol bitumyny öndürmäge ukyply bolan desga guruldy. Şeýle hem bu ýerde 2017-nji ýylda önümçilik kuwwaty ýylda 500 müň tonna ýetýän ýokary oktanly benziniň önümçiligi ýola goýuldy.

Häzirki wagtda kärhanada işçi hünärmenleriň 1 müň 800-e golaýy yhlasly zähmet çekýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022